HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreşmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär

Noýabr 16, 2022 | 16:30 |7602
Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreş babatynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seminar geçirilýär. Seminaryň maksady oňa gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreş syýasatyny we proseduralaryny işläp düzmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem pida bolanlary ýüze çykarmakdan we olara kömek bermekden ybarat.Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreş babatynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seminar geçirilýär. Seminaryň maksady oňa gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreş syýasatyny we proseduralaryny işläp düzmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem pida bolanlary ýüze çykarmakdan we olara kömek bermekden ybarat.
Çeşme:

Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreş babatynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seminar geçirilýär. Seminaryň maksady oňa gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreş syýasatyny we proseduralaryny işläp düzmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem pida bolanlary ýüze çykarmakdan we olara kömek bermekden ybarat.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

Sişenbe güni geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou, Türkmenistandaky halkara guramalaryň, taslamalaryň we maksatnamalaryň - Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine garşy jenaýat gullugynyň (UNODC), USAID, Halkara Zähmet Guramasynyň (ILO) ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

Türkmenistan tarapdan, Mejlisiň we Ombudsmeniň apparatynyň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly ministrlikleriniň birnäçesiniň, şeýle hem Baş prokuraturasynyň, Migrasiýa gullugynyň, Döwlet, demokratiýa we hukuk institutynyň, raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygy ilçi Metýu Klimou açyp, BMG-nyň adam söwdasy baradaky teswirnamasynyň 2000-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Palermoda gol çekilmegi üçin açylan pursatyndan başlap, 178 ýurduň oňa goşulandygyny aýtdy. Munuň özi ähliumumy ratifikasiýa diýip hasap etmek hem bolar.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

Bu teswirnamanyň durmuşa geçirilmegi bütin dünýäde adam söwdasyny ýüze çykarmak, jogapkärçilige çekmek we onuň öňüni almak mümkinçilikleriniň çäginiň giňemegine getirdi. Netijede, bu ýagdaý adam söwdasyny jenaýat jogapkärçiligine çekilýän iş, ýagny kriminal jenaýat hökmünde kesgitlemek üçin kanuny esas döretdi.

Diplomat sözüni dowam etdirip: "BMG teswirnamasy, ilkinji nobatda aýal-gyzlaryň we çagalaryň ezilmegi sebäpli ýüze çykan adam jebir-jepalaryny açdy" – diýdi. "Bu bolsa adam söwdasynyň pidalaryny goramak we adam hukuklaryna doly hormat goýmak işiniň has-da ilerlemegine getirdi.”

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

ABŞ-nyň ilçisi seminara gatnaşyjylaryň ünsüni adam söwdasynyň görnüşiniň üýtgemegine gönükdirdi. Belki, häzirki wagtda bu hadysa pandemiýa sebäpli düýbünden üýtgän dünýäde täze bir görnüşe eýe bolup biler.

– Adam söwdasynyň öňüni almakda, oňa garşy durmakda we ýok etmekde biziň hemmämiz öz ornumyzda bek durmaly! – diýip, Klimou aýtdy.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

Diplomat Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy kanunçylyk we milli hereket meýilnamasyny düzmek arkaly uly üstünliklere ýetendigini, şeýle hem bu ugurdaky işleri utgaşdyrmak üçin ýörite dolandyryş toparyny döredendigini aýtdy.

– Men Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermek we ýurduň bu ugurdaky üstünliklerini gowulandyrmak üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň mümkinçiliginiň bardygyna buýsanýaryn – diýip, Klimou belledi.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

… Duşuşyga gatnaşyjylar milli syýasatlarynyň adam söwdasynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek baradaky Palermo teswirnamasyna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin dünýä ýurtlarynyň durmuşa geçirýän öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

В Ашхабаде изучают передовые мировые практики противодействия торговле людьми

Halkara hünärmenler (olaryň käbiri onlaýn çykyş etdi) Milli ugrukdyrma mehanizmleriniň işine deňeşdirme seljermesini berdiler we ony maliýeleşdirmegiň çeşmeleri we öwezini dolmak ulgamyndaky tejribeleri, şeýle hem adam söwdasy pidalaryň öwezini dolmagyň mehanizmleri barada gürrüň berdiler.

Seminar çarşenbe güni öz işini dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026