Awstriýanyň ozalky prezidenti Haýns Fişer – Türkmenistan bilen gatnaşyklarda ösüp barýan ugurlar barada


D-or Haýns Fişer – dünýä belli awstriýaly syýasatçy we diplomat. 2004-2016-njy ýyllar aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Federal prezidenti wezipesini eýeledi.
Häzirki wagt Haýns Fişer özüniň uly dosty, günorta koreýaly syýasatçy we diplomat, BMG-niň ozalky baş sekretary Pan Gi Mun bilen Wenadaky “Pan Gi Mun – merkeziniň” işine işjeň gatnaşýarlar. Bu merkeziň işiniň esasynda zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek üçin BMG-niň durnukly ösüş baradaky maksatlary durýar.

– Jenap Fişer! Siz Awstriýa Respublikasynyň Federal prezidenti hökmünde 2008-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Wena şäherindäki Hofburgda Türkmenistanyň prezidentini ilkinji gezek kabul etdiňiz. Siz şonda bu ilkinji duşuşygy “ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň esasy pursaty” diýip atlandyrdyňyz hem-de Awstriýanyň we Türkmenistanyň syýasy maksatlary babatda pikirleriniň birdigini nygtadyňyz. Häzir bu umumy syýasy maksatlar barada siziň pikiriňiz nähili?
– Awstriýa we Türkmenistan 30 ýyl mundan ozal, 1992-nji ýylyň oktýabrynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular we şol gatnaşyklar örän oňat ösdürilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti bolmak bilen Awstriýa döwlet saparlarynyň ikisini amala aşyrdy, şolar siziň ýaňy ýatlap geçen 2008-nji ýyldaky saparyňyz hem-de 2015-nji ýylyň maý aýyndaky sapardyr. Awstriýanyň Federal prezidenti hökmünde men hem 2011-nji ýylda Türkmenistana bardym.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda köp umumylyklar bar. Şunuň bilen baglylykda, men iki ýurduň bitaraplygyny, iki döwletiň hem Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna hem-de halkara meseleleriniň parahatçylykly çözülmegine ygrarlydygyny bellemek isleýärin.
Mundan başga-da, biziň howa babatda heläkçilikleriň öňüni almak, ylmy alyşmalary pugtalandyrmak hem-de medeni hyzmatdaşlyk we beýlekiler boýunça BMG-niň maksatlaryna ygrarlydygyny bellemek gerek.
– 2011-nji ýylyň oktýabrynda siz Aşgabatda ilkinji gezek maşgalaňyz bilen bolduňyz. Siziň türkmen paýtagtyndan galan täsiriňiz nähili boldy?
– Munuň özi Awstriýanyň uly wekiliýeti bilen örän üstünlikli sapar boldy. Şol wekiliýetiň düzümine işewürligiň we medeniýet ulgamynyň ýokary wezipeli işgärleri girdiler.
Aşgabat şäheri biziň ählimize binagärlik aýratynlygy, özboluşly binalary, giň köçeleri, ýagty öwüşgünleri, arassalygy hem-de örän göwün açyk we şadyýan adamlary bilen örän uly täsir etdi.

– Awstriýaly kompaniýalar üçin depginli ösýän türkmen bazaryna işjeň gatnaşmagy näderejede möhüm?
– Awstriýanyň kompaniýalary özleriniň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen dogry ýolo bilen işlemäge çalyşýarlar. Emma bu hyzmatdaşlyk heniz ösdürilmegine garaşýar we soňky ýyllarda Covid-19 pandemiýasyndan ejir çekdi – köp görkezijiler peseldi. Ýöne, 2022-nji ýylyň ahyryna ýokarlanýan ösüş ýagdaýy ýene-de synlamak bolýar, ony möçber babatda bolşy ýaly, hil babatda hem ýene has-da giňeltmek mümkin.
– Şunda Awstriýanyň ykdysadyýetiniň Federal Platasy – WKO nähili orun eýeleýär?
– Men Awstrianyň ykdysadyýetiniň Palatasy bilen birnäçe onlarça ýyllaryň dowamynda işledim we Awstriýanyň beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge hem-de goldamaga olaryň örän uly ukybynyň bardygyny oňat bilýärin. Awstriýanyň kompaniýalarynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamynda uly tejribesi bar. Eksport we import Awstriýanyň JIÖ-niň saldamly bölegini emele getirýär.
Şol bir wagtda-da, Awstriýanyň kompaniýalary ygtybarly hyzmatdaşlardyr, biziň önümlerimiz bolsa ýokary hili bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, men WKO-nyň tagallalary arkaly Türkmenistan bilen Wstriýanyň arasyndaky eksportyň we importyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşýaryn.
– Häzirki wagt durnukly ösüş, durnuklylyk, biziň yklymymyzda sebit howpsuzlygy we parahatçylyk üçin hemişelik Bitaraplyk derejesi nä derejede möhümdir?
– Awstriýanyň Bitaraplygynyň gözbaşyny 50-nji ýyllardan alyp gaýdýandygyny aýdyp bilerin. Oňa ýetmiş ýyl töweregi bolup, Şweýsar Bitaraplygy ýaly özüni örän oňat görkezdi, emma Şweýsar Bitaraplygy Awstriýanyň Bitaraplygyndan has öňden gelýändir.
Biziň Bitarap döwletimiziň paýtagty Wenada köp halkara guramalaryň edaralary, şol sanda BMG-niň ştab-kwartiralarynyň dördüsiniň biri ýerleşýär, şoňa görä-de Awstriýa halkara hyzmatdaşlygyna ysnyşykly ýakynlaşandyr. ÝHHG-niň hem Wenada edaralary ýerleşýär. Häzir dünýädäki çylşyrymlylyk ýagdaýynda bitaraplygyň peýdalylygyna ýa-da harby babatda howp duýmaga ikirjiňlenmäniň hiç bir esasy ýokdyr.
Parahatçylyksöýüji we bitarap ýurtlar hökmünde Awstriýa hem-de Türkmenistan Ýewropada we Merkezi Aziýada durnuklylyga ýardam berýärler.

– Şu ýyl Awstriýa hem-de Türkmenistan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler. Siz diplomatiýanyň medeni ugry babatda näme pikir edýärsiňiz?
– Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligine düşünmäge, häzirki günde gazanylanlara baha bermäge hem-de medeniýet, syýahatçylyk we ençeme beýleki ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny düzmäge sebäp boldy.
Beýleki ýurtlar bilen medeni hyzmatdaşlyk Awstriýanyň daşary we medeni syýsatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Awstriýanyň iki müň ýyllyk taryhy medeni taýdan hyzmtdaşlyk etmek üçin örän giň we gyzyklydyr, Awstriýanyň uniwersitetlary bolsa, şol sanda aýdym-saz we sungat babatdaky uniwersitetlary daşary ýurtly talyplar üçin hemişe açykdyr.
Men siziň ýolbaşçylyk edýän Awstriýa-Türkmen jemgyýetiňiziň taslamalaryndan hem oňat habarly. Bular Aşgabatdaky Wena ballary, Wenadak neşir edilýän «Galkynysh» žurnaly, bilelikdäki awstriýa-türkmen orkestry hem-de ençeme beýlekilerdir. Şeýle medeni gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar, biziň halklarymyzyň arasynda dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edýär.
Umuman, men Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara örän ýokary baha berip bilerin hem-de örän uly ruhubelentlik bilen şol gatnaşyklaryň mundan beýläkde üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Neda BERGER,
ORIENT-iň Awstriýadaky öz habarçysy








