

Türkmenistanda gar ýene-de birnäçe günläp ýagar
2023-nji ýylyň ikinji hepdesi türkmenistanlylar üçin gar bilen başlandy. Ýurduň käbir etraplarynda howanyň kadadan birnäçe gradus pes bolan derejesi emele geldi.


2023-nji ýylyň ikinji hepdesi türkmenistanlylar üçin gar bilen başlandy. Ýurduň käbir etraplarynda howanyň kadadan birnäçe gradus pes bolan derejesi emele geldi.


Elektronika Dünýäsi dükanynda täze aksiýa hereket edýär – Hitachi sowadyjysyny satyn alan müşderä edil şu kysymyň tozan sorujysy sowgat berilýär.


Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 13-nji umumy mejlisi 2023-nji ýylyň 8-10-njy ýanwarynda Antalýada geçirilýär.


Prawoslaw Roždestwo Maryda Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.


Aşgabatda ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda milli olimpiada 10 günlük tomusky lager görnüşnde geçer. Şeýle intellektual ýygananyşygy öz çäklerinde paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gurar. Bu ýokary okuw mekdebi hem okuwçylaryň arasynda bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Serdar Rahymow GDA-nyň ýaş alymlar bäsleşigi – 2022-niň baýragynyň eýesi boldy we II dereje diplomyna, şeýle hem "Iň gowy ýaş alymlar-2022" döş nyşanyna mynasyp boldy.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.


Türkmenistanda 9-njy ýanwardan başlap iki sany şäherara awtobus ugry – Aşgabat-Sarahs-Aşgabat we Aşgabat-Arçman-Aşgabat gatnap başlar – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.


2023-nji ýylda ÝUNISEF DÖM-nyň ýaş ilçileri bilen özara hereket etmegini dowam etdirer, ýurtdaky her bir çaganyň geljegine bolan goşant üçin olaryň mümkinçiliklerini giňelder. Bu barada guramanyň metbugat üçin maglumatlarynda habar berilýär.


Uzakdöwürleýin kometa C/2022 E3 (ZTF) 12-nji ýanwarda Güne iň golaý nokada barar, 1-nji fewraldan 2-nji fewrala geçen gije bolsa Ýerden has ýagty bolup görner. Soňky gezek ol Ýeriň golaýyndan 50 müň ýyla golaý mundan öň geçip gidipdir, şol wagtlar biziň planetamyzda mamontlar gezip ýördiler we neandertallar ýaşaýardy, Sahara çölüniň ýerinde bolsa bol hasylly ýerler bardy.


Türkmenistanda Arkadag şäheriniň – Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň dizaýnyny işläp düzmäge gatnaşan talyplar sylaglandylar – diýip, «MIR-24» teleýaýlymy habar berýär.


9-njy ýanwardan başlap Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda, 10-njy ýanwardan başlap bolsa günorta etraplarynda çenden aşa sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.


Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň sergi merkezinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýurduň ähli welaýatlaryndan 66 zehinli çaga ýörite diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.


– Ýurduň häkimiýetleri howanyň çenden aşa sowap başlamagy sebäpli, Özbegistanyň orta mekdeplerinde we ÝOM-nde gyş dynç alyş möwsümini 17-nji ýanwara çenli uzaltmak kararyna geldiler – diýip, ýurduň KHBS habar berýär.


“Türkmenistan” howaýollary 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Aşgabat Halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynyň berýän maglumatyna görä, indi Türkiýä uçuşlar hepdede 4 däl-de, 5 gezek amala aşyrylar.