Özbegistanda aýazly howa sebäpli, çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi 17-nji ýanwara çenli uzaldyldy


– Ýurduň häkimiýetleri howanyň çenden aşa sowap başlamagy sebäpli, Özbegistanyň orta mekdeplerinde we ÝOM-nde gyş dynç alyş möwsümini 17-nji ýanwara çenli uzaltmak kararyna geldiler – diýip, ýurduň KHBS habar berýär.
18-nji ýanwar okuwlaryň ilkinji başlanýan güni bolar. Ýöne okuw meýilnamasyna bu üýtgeşme täsir etmez - okuw ýylynyň dowamynda 11-nji ýanwardan 17-nji ýanwar aralygynda meýilleşdirilen mekdeplerdäky we uniwersitetlerdäki okuw sapaklarynyň öwezi dolunar.
Özbegistanda 9-njy ýanwardan 15-nji ýanwar aralygynda güýçli aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar – gündizine howanyň temperaturasy 8 gradus, gije minus 17 gradusa çenli sowuk bolar diýlip çak edilýär. Şeýle-de. Howanyň sowamagy bilen birlikde, gar we ýagyş ýaly ýagynlaryň hem bolmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň çagalar baglarynda hem bu sowuk döwür üçin adatdan daşary dynç alyş yglan edildi.
Mekdebe çenli we mekdep bilim ministrliginiň çykaran kararynda: “Özbegistanyň hökümetiniň degişli mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda, möwsümleýin dümew we sowuklama keselleriniň ep-esli ýokarlanmagynyň öňüni almak we howanyň temperaturasynyň düýpgöter peselmegi sebäpli, 2023-nji ýylyň 10-18-nji ýanwary aralygynda mekdebe çenli bilim edaralarynda nobatdan daşary dynç alyş yglan edildi" – diýlip, bellenilýär.
Şeýlelik bilen, özbegistanly mekdep okuwçylary, talyplar we çagalar baglarynda terbiýe alýan körpeler öýde aşa aýazly günleri öýde geçirerler.
ORIENT news








