HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşiniň döredilmegi barada ylalaşyldy

Ýanwar 07, 2023 | 20:08 |7308
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.
Çeşme: mfa.gov.tm

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.

Taraplar “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň zerurdygyny hem-de şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. “Türkmenistan-Hytaý: zenanlar we ýaşlar” atly bilelikdäki forum täze institutyň çäklerinde geçiriljek ilkinji çäre bolar.

Türkmen-hytaý parlament gatnaşyklarynyň geljegi üçin BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary dowam etmegiň wajypdygy bellenildi. Li Çžanşu parlament hyzmatdaşlygyny iki ýurduň arasyndaky dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde görkezdi.

Soňky ýyllarda Ählihytaý halk ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasyndaky gatnaşyklar dürli derejelerde ýola goýuldy. Hytaý we Türkmenistan özara ynanyşmagyň ýokary derejesini goldaýarlar hem-de iki ýurduň parlamentleriniň we sýasy partiýalarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýärler.

Hytaý parlamentarisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň işine ýokary baha berip, oňa özi üçin islendik amatly wagtda Hytaýa gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026