Türkmenistana çenden aşa sowuk howa geler


9-njy ýanwardan başlap Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda, 10-njy ýanwardan başlap bolsa günorta etraplarynda çenden aşa sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.
Howa maglumatyna görä, ýurduň käbir welaýatlarynda howa kadasyndan 10-16 dereje pes temperatura bolar. Sowuk ýanwaryň ikinji ongünlüginiň ortasyna çenli saklanar.
Indiki hepdede Aşgabatda gar ýagmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni, 11-nji ýanwarda temperatura gündizine -2 gradusa çenli we gijesine -7 gradusa çenli aşak düşer.
Balkanabatda iň pes temperatura gündizine -1 gradus we gijesine -7 gradus bolar, Daşoguzda gündizine -8 gradus we gijesine -18 gradus, Maryda gündizine -2 gradus we gijesine -11 gradus bolar, Türkmenabatda gündizine -5 gradus we gijesine -13 gradus bolar.
Howanyň temperaturasynyň 5 gün yzly-yzyna kadadan 7 gradus we ondan-da köp aşak düşen halatlary çenden aşak sowuk hasaplanylýar.
ORIENT habarlar
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








