

Türk awiakompaniýasy uçuşlarynda çagasyz zolaklary hödürleýär
Türk awiakompaniýasy Corendon Airlines Ýewropada ilkinji bolup uçuşlarynda ýörite çagasyz zolaklary girizdi. Indi asuda we rahat uçmak isleýän ýolagçylar goşmaça töleg edip we diňe ulularyň oturmagyna rugsat berlen ýerleri alyp bilerler. Bu barada howa gatnawçysynyň metbugat gullugy habar berdi.



















