HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk awiakompaniýasy uçuşlarynda çagasyz zolaklary hödürleýär

Awgust 30, 2023 | 15:24 |4253
Türk awiakompaniýasy Corendon Airlines Ýewropada ilkinji bolup
uçuşlarynda ýörite çagasyz zolaklary girizdi. Indi asuda we rahat
uçmak isleýän ýolagçylar goşmaça töleg edip we diňe ulularyň
oturmagyna rugsat berlen ýerleri alyp bilerler. Bu barada howa
gatnawçysynyň metbugat gullugy habar berdi.Türk awiakompaniýasy Corendon Airlines Ýewropada ilkinji bolup
uçuşlarynda ýörite çagasyz zolaklary girizdi. Indi asuda we rahat
uçmak isleýän ýolagçylar goşmaça töleg edip we diňe ulularyň
oturmagyna rugsat berlen ýerleri alyp bilerler. Bu barada howa
gatnawçysynyň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Türk awiakompaniýasy Corendon Airlines Ýewropada ilkinji bolup uçuşlarynda ýörite çagasyz zolaklary girizdi. Indi asuda we rahat uçmak isleýän ýolagçylar goşmaça töleg edip we diňe ulularyň oturmagyna rugsat berlen ýerleri alyp bilerler. Bu barada howa gatnawçysynyň metbugat gullugy habar berdi.

Uçar kabinasynyň öň tarapynda, beýleki ýerlerden gaty bölme we perdeler bilen aýrylan aýratyn zolak bölüner. Bu zolakda16 ýaşa çenli ýolagçylaryň bolmagyna rugsat berilmeýär. Corendon Airlines-iň esaslandyryjysy Atilaý Uslu çagasyz zonanyň «uçuş wagtynda goşmaça rahatlyk gözleýän syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin» döredilendigini aýtdy.

Çagasyz eksklýuziw zolakda bary-ýogy 93 ýer bolanlygy sebäpli mümkin boldugyça ir bron edilmegi möhümdir. Corendon Airlines howa gatnawlarynda bu hyzmaty hödürleýän ýeke-täk awiakompaniýa däl. Ondan öň şuňa meňzeş çagasyz zolaklary AirAsia X we Scoot tarapyndan işe girizilipdi.

Corendon Airlines – Antalýada ýerleşýän türk awiakompaniýasydyr. Onuň ygtyýarynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli we çarter uçuşlaryny amala aşyrýan 32 uçar bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026