

Hindi aý wezipesi älem blokbasterleriniň surata alynmagyndan arzan boldy
Älem gözlegleriniň Hindi guramasynyň (ISRO) aý wezipesi Kristofer Nolanyň «Interstellar» (2014) fantastiki dramasynyň surata düşürilmeginden iki esse arzan düşdi.


Älem gözlegleriniň Hindi guramasynyň (ISRO) aý wezipesi Kristofer Nolanyň «Interstellar» (2014) fantastiki dramasynyň surata düşürilmeginden iki esse arzan düşdi.


Ýylyň başyndan bäri Özbegistana 3,7 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olar dünýäniň dürli künjegiden gelýär. Özbegistanyň statistika gullugy raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Özbegistanyň şäherlerine baryp gören döwletleriň sanawyny düzdi.


Aşgabatdaky Fransuz instituty, merkeziň okuwçylaryna fransuz dili kursynyň güýz tapgyrynyň başlaýandygyny habar berýär. Dowam edýän okuwçylar üçin dersler 18-nji sentýabrda, taze başlaýanlar üçin – 2-nji oktýabrda başlaýar.


Hytaýly we Italiýaly alymlar medeni miras ýadygärlikleri üçin ulanylýan zeper ýeten mermerleri dikeltmegiň täsirli usulyny tapdylar. Olar usulyny XVII asyrda gurlan Wenesiýadaky gadymy buthananyň fasadyna ulandylar. Bu gözleg Science China Technologies Science žurnalynda çap edildi.


Geçen dynç güni Gollandiýada her ýyl geçirilýän “Çyparlaryň güni” festiwaly geçdi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan çypar saçlylaryň müňlerçesi Tilburg şäherine ýygnandy.


Özbegistan we ÝUNESKO, emeli intellekt pudagynda etikany wagyz etmek arkaly ylmy gepleşikleri höweslendirmek üçin Abu Reýhan Beruni adyndaky halkara baýragyny döretdiler. Bu ýarada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Kararyny UzA çap etdi.


"Siwilizasiýanyň gubury" diýlip atlandyrylýan adamzat taryhynda iň iri wagt kapsulasy diňe 6000 ýyldan soň - 8113-nji ýylda açylar. Geljekki siwilizasiýalara geçen asyryň 30-njy ýyllarynda adamlaryň nähili ýaşandyklary barada gürrüň bermeli diýseň uly ammar 1940-njy ýylda döredilipdi.


Polýar gözlegçiler aňzak aýazly uzak gyşyň geçirilmeli Antarktida stansiýasyna iberilmezden ozal gowy taýýarlyk görýärler. Sebäbi, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda ol ýerde kömek ýakyn wagtda gelmez, üstesine-de sowuk howanyň başlanmagy bilen ewakuasiýa etmek has-da kynlaşýar. Antarktidadaky adamlar aslynda diňe özüne bil baglamaly bolýarlar.


Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul şäheri) Muhammetnur Öwezow Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktory Nurdan Erpulat Altyntaşa Konsullyk patentini gowşurdy.


Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. "ORIENT-e" habar berlişine görä, bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli jemi jemlenjek dürli bäsleşikler barada hasabat berdi.


Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanda syýahatçylygy we sergi çärelerini ösdürmäge gönükdirilen işler baradaky resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanyna hödürledi.


Türkmen hökümetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2000 orunlyk goşmaça okuw binasynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty üçin 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy, şeýle hem ýapyk sport desgasynyň we uniwersitetiň gapdalyndaky aýlaw ýolda ýadygärligiň gurluşygy barada Karara gol çekdi.


Degişli Karara Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ajaýyp-gurluşyk hususy kärhanasy taslamany taýýarlar we binagärlik we gurluşyk instituty üçin 5000 orunlyk täze binalar toplumyny gurar. Bu ýerde geljekki binagärler, inženeler, tehnologlar, ykdysatçylar we şäher gurluşyk pudagyndaky menejerler hünär alarlar.