153 müňden gowrak okuwça “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň kompýuterleri gowşurylar


Ýetip gelýän täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synpa okuwa barýan okuwçylaryň 153 müň 353-si “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndüren noutbuklaryny alarlar. “Bilimli” diýlip atlandyrylýan bu noutbuklar mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat berler.
Ministrler Kabinetiniň 25-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 1-nji synpa barýan çagalara noutbuklary sowgat bermek boýunça degişli görkezmeler berlipdi.
Noutbuklarda “Android 13+ Google service” operasion ulgamy gurnalyp, onuň operatiw ýady 4 gigabite deňdir. Kompýuterlerde türkmen, iňlis we rus dilleri girizilip, olarda okuw maksatnamasyna degişli öwrediji programmalar gurnalypdyr.
Mekdep okuwçylary üçin noutbuklaryň başga bir milli tehnologiýa kompaniýasy – “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy tarapyndan hem öndürilýändigini ýatladýarys.
ORIENT news








