

Gazagystan ýylyň ahyryna çenli Trans-Hazar ýoly boýunça üstaşyr wagtyny üç esse azaldar
Gazagystandan 13 halkara ulag geçelgesi, şol sanda 5 demir ýol we 8 garaýoly geçýär. 2022-nji ýylda respublikanyň çäginden geçýän üstaşyryň umumy mukdary 23,2 million tonna ýük bolup, bu 2021-nji ýyldakydan 10 göterim köp. Iň uly ösüş multimodal TMTM (Trans-Hazar ýa-da Orta geçelge) tarapyndan görkezildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministri Marat Karabaýew, 100-den gowrak daşary ýurt kärhanasynyň gatnaşan, dürli ýurtlardan iri ulag we logistika kompaniýalary bilen onlaýn duşuşygynda aýtdy.



















