Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji noýabrda Senagat we gurluşyk toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek boýunça teklibi makullady


Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady diýip, Türkmenistanyň telewideniýesi habar berdi.
Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow kenarýaka şäherde täze elektrik stansiýasynyň we Guwlymaýak şäherçesindäki täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda bolsa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň we Mary - Ahal täze asma elektrik geçirijisi ulanmag berildi.
Türkmenbaşy şäherinde guruljak täze bug-gaz elektrik stansiýasynda "General Electric" kompaniýasynyň 4 sany gaz turbinasy, 2 sany hem bug turbinasy oturdylar. Ol Türkmenistanyň energiýa üpjünçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak bilen, elektrik energiýasynyň eksporty üçin giň mümkinçilikleri açar.
ORIENT news








