Gazagystan ýylyň ahyryna çenli Trans-Hazar ýoly boýunça üstaşyr wagtyny üç esse azaldar


Gazagystandan 13 halkara ulag geçelgesi, şol sanda 5 demir ýol we 8 garaýoly geçýär. 2022-nji ýylda respublikanyň çäginden geçýän üstaşyryň umumy mukdary 23,2 million tonna ýük bolup, bu 2021-nji ýyldakydan 10 göterim köp. Iň uly ösüş multimodal TMTM (Trans-Hazar ýa-da Orta geçelge) tarapyndan görkezildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministri Marat Karabaýew, 100-den gowrak daşary ýurt kärhanasynyň gatnaşan, dürli ýurtlardan iri ulag we logistika kompaniýalary bilen onlaýn duşuşygynda aýtdy.
«Dar ýerleri» ýok etmek üçin görülýän çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Orta geçelgelerde ýük geçelgesi – 38-53 günden 14-18 güne çenli, şol sanda Gazagystanyň çägi boýunça – 12-den 5 güne çenli 3 esse azalar», - diýip Karabaýew aýtdy. Biz ähli ugruň gatnaşyjylary bilen ösüşi çaltlaşdyrmak üçin işjeň işleýäris diýip, ol belledi.
Bu ugur Hytaýda başlanyp, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan geçýär.
Şeýle hem ministr üstaşyr mümkinçiligini ösdürmek üçin ýakyn geljekde 1,3 müň km demir ýollarynyň, üçünji demir ýol geçelgesiniň we Hytaý bilen serhetde täze gury portuň, Aktau portundaky konteýner merkeziniň, köp ugurly «Sarja» terminalynyň gurluşygynyň we Hazar deňzindäki söwda flotunyň artdyrylmagy we ş.m. meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Ulagyň ösmegine respublikanyň täze we durky täzelenen awtoulag ýollarynyň işe girizilmegi, şeýle hem HHR wizasyz tertibiň girizilmegi we Hytaýyň Ýewropa TIR Carnet ylalaşygyna goşulmagy goşmaça itergi berer.
Sözüniň ahyrynda Marat Karimjanowiç halkara ulag we logistika kompaniýalarynyň wekillerini şu ýylyň 16-17-nji noýabrynda geçiriljek Astanada ýüzbe-ýüz boljak duşuşyga işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Gazagystanyň paýtagtynda 15-16-njy noýabrda Kaztraffic-2023 sergisi geçiriler.
ORIENT news








