Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda 3 institut döredildi
Noýabr 03, 2023 | 10:15 |7279


Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik institutyny; Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny; Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Degişli Karar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly döredildi.
ORIENT news








