HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropadaky howpsuzlyk Merkezi Aziýada howpsuzlyk bolmasa hakykat bolmaz – Siýýarto

Noýabr 05, 2023 | 02:01 |4482
Türki ýurtlarynyň gatnaşmagy Ýewropada täze howpsuzlyk binagärligini döretmekde möhüm faktor hökmünde görülýär. Sebäbi Ýewropadaky häzirki geosyýasy ýagdaý birnäçe kynçylyklar bilen häsiýetlendirilýär diýip, Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto Gazagystanyň Silk Way teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.Türki ýurtlarynyň gatnaşmagy Ýewropada täze howpsuzlyk binagärligini döretmekde möhüm faktor hökmünde görülýär. Sebäbi Ýewropadaky häzirki geosyýasy ýagdaý birnäçe kynçylyklar bilen häsiýetlendirilýär diýip, Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto Gazagystanyň Silk Way teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Çeşme: BNN

Türki ýurtlarynyň gatnaşmagy Ýewropada täze howpsuzlyk binagärligini döretmekde möhüm faktor hökmünde görülýär. Sebäbi Ýewropadaky häzirki geosyýasy ýagdaý birnäçe kynçylyklar bilen häsiýetlendirilýär diýip, Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto Gazagystanyň Silk Way teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

«Türkiýesiz we türki dünýäsiz Ýewropada durnukly howpsuzlyk binagärliginiň bolmajagyny pikir edýäris. Bu durnukly strategiýany durmuşa geçirmek üçin Türkiýäniň we Türki döwletleriniň, esasanam Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagy zerurdyr», - diýip Siýýarto belledi.

«Biz özümizi üzňeleşdirip bilmeris. Merkezi Aziýada howpsuzlygy göz öňünde tutmazdan Ýewropada howpsuzlyk üpjün edilmez we hiç haçan bu hakykat bolmaz. Şonuň üçin geljekde hyzmatdaşlygymyz has ýakyn we has berk bolmaly», — diýip, Wengriýanyň ministri Astana TDG-ň sammitiniň çäginde aýtdy.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) 2009-njy ýylda türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi hökmünde döredildi. Gurama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär. Wengriýa we Türkmenistan synçy döwletler bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026