HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň media wekilleri gender deňligini beýan etmek boýunça bilimlerini ýokarlandyrýarlar

Noýabr 03, 2023 | 21:06 |4161
Her ýylyň 25-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Zenanlar we gyzlar bilen gatnaşykda zorlugyň soňuna çykmak boýunça halkara göreş güni mynasybetlu BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin okuw maslahaty geçirildi.Her ýylyň 25-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Zenanlar we gyzlar bilen gatnaşykda zorlugyň soňuna çykmak boýunça halkara göreş güni mynasybetlu BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Her ýylyň 25-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Zenanlar we gyzlar bilen gatnaşykda zorlugyň soňuna çykmak boýunça halkara göreş güni mynasybetlu BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin okuw maslahaty geçirildi.

Öwrediji okuw maslahaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde gender babatda bilimleri ýokarlandyrmaga, žurnalistleriň bu ugurda beýan ediji ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda blogerler köpçülikleýin maglumat ýaýradyjy serişdelerde gender deňligi boýunça meseleleri ilerletmek usullary hem-de gender deňsizligine göreşmekde medianyň tutýan orny bilen tanyş boldular.

Okuw maslahatyna Gazagystandan halkara bilermenler ýagny, Merkezi Aziýa sebitinde gender sütemine garşy göreşmekde jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça hünärmen Madi Mambetow we «BeGlobe» atly Aragatnaşyk boýunça agentligiň direktory Natalýa Sludskaýa gatnaşdylar.

Bu çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026