

Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylaryň dykgatyna!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär.


Dolandyrylýan «Soyuz MS-24» gämisi anna güni Baýkonur kosmodromyndan ugradyldy we HÄB-niň rus böleginiň modulyna goşuldy diýip, Roskosmosyň ýaýlymynda aýdylýar.


Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň 4-nji mejlisi anna güni, 15-nji sentýabrda Bakuwda geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tarman Şanmugaratnamany Singapur Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.


Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew penşenbe güni Saud Arabystanyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşdy.


Ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi, anna güni Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawanyň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.


30-njy noýabr – 12-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçiriler.


Täze obalar etrabyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde ulanmaga berler.


Ýurtlarynda ilçihanalaryň açylmagy barada Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Bu başlangyç Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza döwletlerinde diplomatik wekilhanalary açmak baradaky wadasyndan gelip çykýar diýip, Wengriýanyň Halkara gatnaşyklar boýunça döwlet sekretary Zoltan Kowaç habar berdi.


Aşgabatda, 11-13-nji sentýabrda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy mejlisi geçdi. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmensitanyň wekilleri gatnaşdylar.


Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen institutyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Oleg Rodkin bilen duşuşyk geçirildi.


Türkmenistan, sebitiň durnukly, dawasyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň sinhronlaşmagyna gönüküirilen çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Merkezi Aziýada BMG- nyň howandarlygynda howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogyň mejlisini döretmegi teklip eder.


Emomali Rahmon penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Bäşinji konsultatiw maslahatynda eden çykyşynda soňky ýyllarda Merkezi Aziýada metbugata bolan gyzyklanmanyň ep-esli artandygyny aýtdy.


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy. Bu otaglar Ýaponiýanyň Hökümetiniň taslamasy esasynda döwrebaplaşdyryldy.


“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.