Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmentel-2023" forumyna gatnaşyjylary gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutany özüniň gutlag hatynda ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
"Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär" diýlip, gutlag hatynda nygtalýar.
Forumyň öň ýanynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisleriniň geçirilendigi nygtalýar.
"Türkmentel-2023" halkara sergisine onlarça daşary ýurt we milli kompaniýalar gatnaşyp, ol 2 günläp dowam eder.
ORIENT news








