HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça internet olimpiadasy geçiriler

Noýabr 09, 2023 | 17:16 |8018
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 6-njy dekabrda biologiýa dersi boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyny guraýar. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyp ýaşlary çagyrylýar.Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 6-njy dekabrda biologiýa dersi boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyny guraýar. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyp ýaşlary çagyrylýar.
Çeşme: tdlu.edu.tm

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 6-njy dekabrda biologiýa dersi boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyny guraýar. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyp ýaşlary çagyrylýar.

“Biz bu internet olimpiadasynyň dürli ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine, şeýle hem ylmy maglumatlaryň özara peýdaly alyş-çalşygyny we häzirki zaman ylmynyň nazary we amaly meselelerini öwrenmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys. " diýlip, habarda bellenýär.

Halkara ders internet olipiadasy barada doly maglumaty uniwersitetiň resmi web-saýtyndan alyp bilersiňiz. Oňa gatnaşmak isleýänler 30-njy noýabra çenli özlerine bellige aldyrmalydyr.

Geçen ýyl biologiýa dersi boýunça geçirilen ilkinji halkara internet olimpiadasyna 19 ýurtdan bolan 34 ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem Türkmenistanyň 14 ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şonda toparlaýyn ýaryşda birinji orna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmaçylyk uniwersiteti, ikinji orna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, üçünji - Türkmen oba hojalyk instituty mynasyp bolupdy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026