Türkmenistanly mekdep okuwçylary Rus dili boýunça halkara olimpiada gatnaşyp bilerler


Türkmenistanly mekdep okuwçylar A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty we Rus dilini we edebiýatyny okatmak boýunça halkara birleşigi tarapyndan daşary ýurtly mekdep okuwçylaryň arasynda guralýan Rus dili boýunça 19-njy halkara olimpiada gatnaşyp bilerler. Bu barada GDA-nyň habarlar portaly mälim edýär.
Olimpiadanyň ýeňijilerine ýörite diplomlar berlip, birinji orna mynasyp bolanlar Puşkin institutynda goşmaça bir aý okamaga mümkinçilik alarlar. Ders olimpiadasynyň esasy maksady daşary ýurt raýatlaryny rus dilini öwrenmäge çekmäge we olaryň bilim derejesine stnadartlaşdyrylan ulgam esasda baha bermäge gönükdirilendir.
Ders bäsleşigine gatnaşmak üçin bellige almak işi A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň onlaýn portalynda 12-nji noýabra çenli dowam edýär. Ders olimpiadasynyň saýlama tapgyry 26-njy noýabra, jemleýji bäsleşikleri bolsa, 22-nji dekabra çenli dowam eder.
ORIENT news








