Türkmenistan Palestina ynsanperwerlik kömegini iberdi
Noýabr 08, 2023 | 22:56 |3722


Türkmenistan Palestinanyň halkyna we ilkinji nobatda palestinaly çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Palestina ynsanperwerlik kömegi hökmünde derman we lukmançylyk enjamlaryny we beýleki önümleri muzdsuz ugratmak tabşyryldy. Bu barada, çarşenbe güni, 8-nji noýabrda “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.

ORIENT news








