HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Serhet instituty geljek ýyl üçin okuwlara kabul edýär

Noýabr 08, 2023 | 15:21 |14647
Türkmenistanyň Serhet institutyna giriş synaglary orta bilim maksatnamasy boýunça türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy we matematika derslerinden tabşyrylýar.Türkmenistanyň Serhet institutyna giriş synaglary orta bilim maksatnamasy boýunça türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy we matematika derslerinden tabşyrylýar.
Çeşme: milligosun.gov.tm

Türkmenistanyň Serhet instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri seçip almak üçin resminamalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu baradaky bildiriş “Mugallymlar gazeti” gazetinde çap edildi.

Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlere geljek ýylyň 31-nji martyna çenli ýüz tutmalydyr.

Okuwa 24 ýaşdan uly bolmadyk, orta mekdebi tamamlan we çagyryş boýunça harby gullugy geçen dalaşgärler resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tamamlanlar üçin aňrybaş ýaş çägi 25 ýaşdyr.

Dalaşgär okuwa şu resminamalary tabşyrmalydyr: — rektoryň adyna ýazylan arza;
— terjimehal;
— ýaşaýan ýerinden kepilnama;
— ene-atasynyň iş ýerlerinden kepilnama;
— soňky iş ýa-da okan ýerinden häsiýetnama;
— lukmançylyk güwänamasy;
— pasport nusgasy;
— harby biletiň nusgasy;
— bar bolsa, zähmet depderçesi;
— orta bilim hakynda attestat;
— 9х12 ölçegli 1 we 3х4 ölçegli hem 9 sany surat.

Türkmenistanyň Serhet institutyna giriş synaglary orta bilim maksatnamasy boýunça türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy we matematika derslerinden tabşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026