Habarlar

Türkmenistanyň myhmanhana pudagy üçin «ýaşyl standartlar»Türkmenistanyň myhmanhana pudagy üçin «ýaşyl standartlar»

Türkmenistanyň myhmanhana pudagy üçin «ýaşyl standartlar»

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhana pudagyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalary we energiýa tygşytlaýyş usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin hünärmenleriň duşuşygy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň «Dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň, BMGÖM-yň, elektrik energiýasy kompaniýalarynyň we myhmanhana işiniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda maýyplary iş bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ussahana kämilleşdirildiAşgabatda maýyplary iş bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ussahana kämilleşdirildi

Aşgabatda maýyplary iş bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ussahana kämilleşdirildi

Aşgabatda BMGÖM-iň we Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň “Türkmenistanda maýyplar üçin amatly iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek" atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde, Günorta-Günorta global ösüş we hymatdaşlyk Gaznasynyň maliýe goldawy bilen, BDST-iň №1-nji karton we çaphana ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen ilçisi Aziýa-Ýuwaş umman şäherleri forumyna gatnaşdyTürkmen ilçisi Aziýa-Ýuwaş umman şäherleri forumyna gatnaşdy

Türkmen ilçisi Aziýa-Ýuwaş umman şäherleri forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherler forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, BMG-niň Habitat-yň we CityNet-assosasiýasynyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan guraldy.