HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň demirgazygynda ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar

Ýanwar 05, 2024 | 13:59 |4138
Suw akabalaryny we desgalaryny arassalamakda hem-de beýleki işleri ýerine ýetirenlerinde, birleşigiň işgärleri döwrebap tehnikalary – 5 buldozeri, 13 sany gyrmança arassalaýjylary, 14 suw nasosyny, 21 sany hem ekskwatory ulanýar.Suw akabalaryny we desgalaryny arassalamakda hem-de beýleki işleri ýerine ýetirenlerinde, birleşigiň işgärleri döwrebap tehnikalary – 5 buldozeri, 13 sany gyrmança arassalaýjylary, 14 suw nasosyny, 21 sany hem ekskwatory ulanýar.
Çeşme: turkmengazet.com

Türkmenistanyň Daşoguz sebitinde oba hojalygynyň suw üpjünçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Bu barada “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň baş inženeri Mämmedoraz Babajanow “Daşoguz habarlary” gazetiniň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim edýär.

Birleşigiň geçen ýyl üçin iş meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirendigi bellärliklidir. Häzirki wagtda “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri bellenilen mukdardaky suwy öz wagtynda kabul etmek üçin ähli tagallalary edýärler hem-de indiki ýyl üçin bugdaý, pagta, ýeralma we beýleki ekinler üçin bölünip berlen ýerleri suwlulandyrmak üçin degişli çäreleri durmuşa geçirýärler.

Suw akabalaryny we desgalaryny arassalamakda hem-de beýleki işleri ýerine ýetirenlerinde, birleşigiň işgärleri döwrebap tehnikalary – 5 buldozeri, 13 sany gyrmança arassalaýjylary, 14 suw nasosyny, 21 sany hem ekskwatory ulanýar.

Baş inžener önümçilik birleşigiň öňdebaryjy işgärleriniň hatarynda Amangeldi Paltaýewi, Döwran Annaýewi, Öwezdurdy Gaýypowy, Sapargeldi Rejepowy belläp geçýär.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitini esasan, Amyderýa suwlulandyrýar. Sebitiň iri suw akabalary Türkmenderýa, Hanýap, Gylyçbaý we Jumabaý Amyderýanyň suwy bilen üpjün edilýär. Türkmenderýadan bolsa, Şawat, Şasenem we Gazawat suw akabalary gözbaş alýar. Serhetüsti zeýkeş kanallary bolan Kölli, Döwdan, Mangyt, Çagat-Atabent we Baş Köneürgenç akabalarynda yzygiderli arassalaýyş işleri geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026