Türkmenistandaky Amerikan burçlary web sahypalary işläp düzmek boýunça okuwlara gatnaşmaga çagyrýar


Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki Amerikan burçlary web sahypalary taýýarlamagyň esaslaryny öwrenmek boýunça maksatnamasynyň işe başlandygyny yglan etdi. Bu okuwlar 18-25 ýaş aralygyndaky mekdebi we ýokary okuwy tamamlanlar üçin niýetlenendir.
Gysga möhletli bu maksatnama, türkmen ýaşlaryny tejribe amallary arkaly döredijilikli pikirlenmek we programmirlemek endiklerini ösdürmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär. Sapaklar 17-nji ýanwardan 17-nji aprel aralygynda üç aýlap dowam eder. Okuwlar gutaranyndan soň, gatnaşyjylar öz web sahypalaryny döredip bilerler.
Maksatnama gatnaşmak tölegsizdir. Gatnaşmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz. Dalaşgärler esasy kompýuter başarnyklaryny we iňlis dilini bilýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bolmalydyr. Ýüz tutmalar 6-njy ýanwara çenli kabul edilýär.
ORIENT news








