Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi


Şenbe güni, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýazan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyryş dabarasynda ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Çykyş edenler gadymy däp-dessurlara esaslanýan ýurduň ýaşlar syýasatynyň ýaş nesli terbiýelemekdäki esasy ornuny bellediler. Türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeniýet, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda gazananlaryny beýan etmek bilen, döwlet Baştutanynyň bu kitaby, şübhesiz Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň geljekki nesilleri üçin möhümdir – diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş türkmenistanlylaryň milli we halkara derejesinde bilim, ylym, sport we medeniýet ugurlarynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän tematiki sergi bilen hem tanyşdylar.
ORIENT news








