FAO-nyň azyk ulgamyndaky ýaş liderlik maksatnamasyna arzalar kabul edilýär


BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy özüniň azyk ulgamyndaky ýaş liderlik maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini mälim edýär.
Bu maksatnama azyk ulgamy ulgamynda hünär kämilligine ýaňy gadam basan nowatorlary, alymlary we işjeň wekilleri çekmäge gönükdirilendir. Saýlanan dalaşgärler gepleşikleri alyp başarnyklary, strategiki aragatnaşyk, çözgüt çykarmak we ýolbaşçylyk ukyplary boýunça hünär derejesini ýokarandyryş sapaklaryny öz içine alýan bäş günlük seminara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Seminaryň netijesinde, Günorta Amerika we Karib deňzi, Afrika, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde azyk ulgamlary bilen işlemek isleýän ýaş hünärmenlerden ýörite topar dörediler. Iňlis dilinde erkin gürläp bilýänler maksatnama üçin saýlanmakda uly artykmaçlyk gazanyp bilerler. Munuň üçin resminamalar 15-nji ýanwara çenli kabul edilýär. Has giňişleýin şu ýerden öwrenip bilersiňiz.
ORIENT news








