Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýedäki Çatal-Hüýük arheologik ýadygärliginde döwrebap maglumat merkezi açyldy

Ýanwar 05, 2024 | 06:28 |6716
Türkiýäniň merkezinde, Konýa welaýatynda ýerleşýän neolit we eneolit eýýamyna degişli Çatal-Hüýük arheologik ýadygärligi syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.Türkiýäniň merkezinde, Konýa welaýatynda ýerleşýän neolit we eneolit eýýamyna degişli Çatal-Hüýük arheologik ýadygärligi syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

Türkiýäniň merkezinde, Konýa welaýatynda ýerleşýän neolit we eneolit eýýamyna degişli Çatal-Hüýük arheologik ýadygärligi syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Çatal-Hüýükde tapylan taryhy tapyndylar, çig kerpiçden salnan öýler 9 müň ýyl mundan ozal bu ýerde ýaşan jemgyýetiň durmuşy, ynanç-ygtykady we beýlekiler barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Medeni we durmuş düzümleriniň gowy ýagdaýda saklanyp galmagy Çatal-Hüýügiň ähmiýetini artdyrýar. Bu ýerdäki ilatly nokadyň ýokary derejede ösen dizaýny bu jemgyýetiň şäher meýilnamalaşdyrmasyndan oňat baş çykarandygyny we durnukly oturumly ýaşaýşyň bolandygyny görkezýär.

Medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen Çatal-Hüýükde döwrebap maglumat we syýahatçylyk merkezi açyldy.

Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän çäklerinde ýerleşýän maglumat-syýahatçylyk merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bu desgasy barada hemmetaraplaýyn maglumat almaga we ony mundan beýläk-de ýaýmaga gönükdirilendir. 4500 inedördül metr ýapyk sergi meýdanyny eýeleýän bu özboluşly interaktiw giňişlik gadymy siwilizasiýanyň syrlaryny açmaga çalyşýan myhmanlar üçin unudylmajak pursatlary hödürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026