Baharda Aşgabatda talyplaryň arasynda matematika we informatika boýunça halkara olimpiadalar geçiriler


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 3-8-nji mart aralygynda matematika boýunça IV halkara olimpiadany geçirer, 15-20-nji aprelde bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti informatika boýunça II halkara olimpiadasyny gurar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit we gaz ugurly bu ýokary okuw mekdebinde 19-njy aprelde ylmy-amaly maslahat we talyplaryň gözleglerine bagyşlanan sergi geçiriler.
Bu barada wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow şenbe güni, 6-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde habar berdi. Ol geçiriljek bu olimpiadalara türkmen talyplary bilen birlikde Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Hytaý, Rumyniýa, Hindistan, Türkiýe, Belarus, Italiýa, Özbegistan, Gazagystan we beýleki ýurtlardaky deň-duşlarynyň gatnaşjakdygyny belledi.
ORIENT news








