Wirtual tehnologiýalaryň özara baglanyşygy "GoViral" taslamasynyň makalasynyň esasy temasy boldy


"Türkmen medeniýetinde wirtual tehnologiýalary: däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň özara sazlaşygy" atly tema "GoViral" taslamasynyň "Instagram" sahypasyndaky täze makalanyň esasy mazmunyny düzdi. Taslamanyň "#GoBeyond " bölümindäki makalada türkmen jemgyýetiniň dürli ugurlarynda wirtual hakykatyň tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada gürrüň berilýär.
Makala "Oýunlar", "Muzeýler", "Söwda-senagat edarasynyň sergileri" we "Bilim" atly 4 bölüme bölünýär. Birinji bölümde Türkmenistanyň söwda we güýmenje merkezlerinde wirtual oýunlaryň giň elýeterliligi we žanr dürlüligi beýan edilýär. “Muzeýler” bölüminde geçen ýylyň başynda badalga berlen “Wirtual muzeý” atly taslama üns çekilýär. Adyndan mälim bolşy ýaly, bu hilli muzeýler muzeý gymmatlyklaryna uzakdan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, neşirde onlaýn serginiň başga bir görnüşi - Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň guraýan sergileri barada gürrüň berilýär. Şeýle sergiler ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary we jemgyýetçilik işleri barada giňişleýin bilmäge mümkinçilik berýär. “Bilim” atly soňky bölümde wirtual tehnologiýalary arkaly türkmen ýokary okuw mekdepleriniň çägine onlaýn syýahat etmek mümkinçilikleri barada aýdylýar. Muňa mysal hökmünde, Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň çägine wirtual syýahat etmek üçin döredilen onlaýn meýdança barada gürrüň berilýär.
Bu makalanyň Türkmenistanyň sosial ulgamlaryndaky täzelikler barada giňişleýin gürrüň berýän ilkinji maglumat materialy däldigini bellemelidiris. Mundan öň, taslamanyň "#GoCulture" atly bölüminde Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, toý däp-dessurlary we milli tagamlary barada gürrüň berlipdi.
ORIENT news








