HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan durmuş hyzmatlaryny ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça BMG bilen geňeşmeleri geçirýär

Ýanwar 15, 2024 | 21:37 |6186
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we durmuş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa orta we uzak möhletleýin häsiýetli milli maksatnamalary işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň BMG bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Hususan-da, M. Bäşimowa işlenip taýýarlanylýan maksatnamanyň durmuş meselelerine aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen “Milli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek” baradaky bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygy barada nygtady.

Şeýle-de, duşuşykda degişli maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň we onuň esasy görkezijileriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berilmelidigi barada bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň durmuş syýasaty baradaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026