Frederik X Daniýanyň Patyşasy boldy


Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen Kopengagen şäherindäki “Kristiansborg” köşgüniň eýwanyndan Frederik X-yň ýurduň Patyşasy diýip yglan etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.
Frederiksen patyşalygyň ejeden ogla geçirilýändigini, 52 ýyllap dowam eden hökümdarlygy üçin Margret II minnetdarlyk bildirdi. Täze Patyşa ejesine minnetdarlyk bildirip, çykyşynyň ahyryny “Daniýa Patyşalygy bilen baglydyryn we borçludyryn” sözleri bilen jemledi.

Bu dabarany görmäge bezemen toý lybasynda geýnen köp sanly daniýalylar we daşary ýurtly adamlar gatnaşdylar. Mundan ozal, Margret II tagtdan el çekýändigi hakynda resminama gol çekip, ony Premýer-ministre tabşyrdy. Ol köşk zalyny “Taňrym, Patyşany gora!” sözleri bilen terk etdi. Onuň ýerine 55 ýaşly Frederik X geçdi.

Daniýalylaryň 82 göteriminiň pikiriçe, Patyşa Frederik öz üstüne alan borçnamalaryny ak ýürekden ýerine ýetirer. Onuň aýaly – Meri daniýalylaryň 86 göteriminiň söýgüsine eýedir.
Şa aýalyň Täze ýyl çykyşynda tagtdan el çekmek hakynda yglan eden karary, Daniýanyň soňky taryhynda görlüp-eşidilmedik we hökümdar monarhyň diňe ýogalanyndan soň tagty boşadýandygy baradaky gadymy däbi bozýar. 83 ýaşly Margret 2023-nji ýylyň fewral aýynda arka operasiýasyndan soň, "indiki nesle jogapkärçiligi tabşyrmagyň" wagtynyň gelendigini mälim etdi.

“Voxmeter” jemgyeýtçilik merkeziniň geçiren jemgyýetçilik pikir soralşygyna laýyklykda, ýurduň 78 göterim ilaty monarhiýany dolandyryş instituty hökmünde saklamagy goldaýar.
ORIENT news








