Habarlar

Hytaý daşary ýurtly raýatlara meşhur syýahatçylyk welaýatyna wizasyz barmaga rugsat berýärHytaý daşary ýurtly raýatlara meşhur syýahatçylyk welaýatyna wizasyz barmaga rugsat berýär

Hytaý daşary ýurtly raýatlara meşhur syýahatçylyk welaýatyna wizasyz barmaga rugsat berýär

Hytaý Sýangan (Gonkong) we Aomen (Makao) dolandyryş sebitlerinde hasaba alnan syýahatçylyk agentlikleriniň syýahatçylyk toparlarynyň bir bölegi hökmünde daşary ýurtly raýatlara ýurduň günortasyndaky adada ýerleşýän Haýnan welaýatyna girmäge we 144 sagat wizasyz bu ýerde galmana rugsat berdi. Bu barada Döwlet immigrasiýa müdirligine salgylanyp Sinhua habarlar agentligi habar berýär.

ÝUNISEF tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sorag-jogap geçirdiÝUNISEF tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sorag-jogap geçirdi

ÝUNISEF tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sorag-jogap geçirdi

BMG-iň Çagalar gaznasy we BMG-iň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi çagalara we ýaşlara tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligine we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine düşünmek üçin onlaýn ýagdaýda sorag-jogap geçirdi. Ol şeýle hem, tebigy betbagtçylyklara we howanyň üýtgemegine garşy göreşde hökümetlere ýol görkeziji we görkezme bermegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.