Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ mejlisini geçirdi


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşynyñ birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisde Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, esasy kanunçulyk taslamalaryna garaljak Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada maslahatlaşyldy.
Soñra wise-premýerleriñ ýurdumyzyň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryñ döwrebaplaşdyrmagy, möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abatlaýyş işler baradaky hasabatlary diñlenildi. Şeýle-de baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, medeni çäreleri guramak, elektron lukmançylyk žurnalyny döretmek we ÝUNESKO bilermenleriniñ meýilleşdirilýän sebitara duşuşygynyñ meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident ara alnyp maslahatlaşylan her bir ugry boýunça degişli tabşyryklaryny berip, önde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmekde toplumlaýyn çemeleşmäniñ we berk gözegçiligiñ zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy.
Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär.Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belläp, türkmen halkynyñ Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








