HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarusyň Türkmenistandaky täze ilçisi öz missiýasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi

Dekabr 03, 2024 | 19:05 |6502
Aleksandr Lukaşenko tarapyndan duşenbe güni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenen Stanislaw Çepurnoý, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Belarus bilen Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdytrýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe hormat we özara hyzmatdaşlyk ýörelgelere esaslanýandygyny aýtdy diýip, BELTA habar berýärAleksandr Lukaşenko tarapyndan duşenbe güni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenen Stanislaw Çepurnoý, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Belarus bilen Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdytrýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe hormat we özara hyzmatdaşlyk ýörelgelere esaslanýandygyny aýtdy diýip, BELTA habar berýär
Çeşme: belta.by

Aleksandr Lukaşenko tarapyndan duşenbe güni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenen Stanislaw Çepurnoý, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Belarus bilen Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdytrýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe hormat we özara hyzmatdaşlyk ýörelgelere esaslanýandygyny aýtdy diýip, BELTA habar berýär.

“Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz halkara guramalarynyň çäginde örän netijeli aragatnaşyk saklaýarlar. Pandemiýadan soňky döwürde mejbury arakesmeden soň bilim, medeniýet we sport ugurlaryndaky gatnaşyklar täzeden dikeldilip başlandy. Ylym we tehnologiýa pudagynda hökümetara toparlar hereket etýär” – diýip diplomat aýtdy. – Döwlet Baştutany, Türkmenistan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Ýurtlarymyzyň ykdysadyýeti köp tarapdan biri-biriniň üstüni ýetirýär. Hyzmatdaşlyk üçin özara gyzyklanma döredýän birnäçe ugurlar bar. Bu ilkinji nobatda senagat, oba hojalygy we ulag pudaklarydyr. Häzirki wagtda taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek wagty barada ylalaşýarlar, şol döwürde özara gatnaşyklaryň geljegini düýpli ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär”.

Umuman aýdanyňda, Belarus tarapy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr we konstruktiw we netijeli gepleşiklere gönükdirilendir. Geçen ýylyň ahyrynda söwda dolanyşygy takmynan $30 mln barabar boldy, ýöne öňki ýyllarda bu görkeziji azyndan iki esse köpdi. Bu ugurda ýerine edilmeli bardygyny ilçi belledi.

Stanislaw Çepurnoý ýurtlaryň arasynda göni howa gatnawlarynyň bardygyna ünsi çekdi. Dogry, paýtagtlaryň arasynda däl: “Belawia” Minskden Türkmenbaşy şäherine yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrýar. “Bu ugurda işläris, sebäbi göni aragatnaşyk gowy, ýöne has ýygy we yzygiderli edilmeli. Bu bolsa hem bizi has ýakyn etýar şol sanda ynsanperwerlik ugurda” – diýip diplomat belledi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda däp bolşy ýaly Belarussiýa berilýän bilim ýokary islegden peýdanlanýar. Pandemiýa döwründen öň Belarus uniwersitetlerinde okaýan talyplaryň sany 10 müňe ýetdi. Indi bu san has az – takmynan 4 müň. Ýöne ýylsaýyn köpelýär. Bu ugurda-da işläris’ – diýip Stanislaw Çepurnoý aýtdy.

Bu wezipä bellenmezden ozal Stanislaw Çepurnoý Belarus Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Diwanynyň halkara hyzmatdaşlygy we söwda müdirliginiň başlygy bolup işledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026