HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Dekabr 02, 2024 | 10:40 |7691
18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Çeşme: education.gov.tm

18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge; terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we ýetişdirmäge; ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, adamlary jebisleşdirýän, halklaryň arasynda dostlugy we şahsyýetiň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine ýardam edýän terjimeçilik sungatyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýaş terjimeçiler meşhur dünýä ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan 5-6 sahypa möçberinde bir parçany türkmen diline terjime etmeli.

Terjime etmek üçin saýlanan eserleriň many-mazmunynyň türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmegi hökmanydyr.

Gatnaşyjylar öň terjime edilmedik, çap edilmedik ýa-da kitap görnüşinde neşir edilmedik eseri saýlap almaly.

Gyzyklanma bildirýän ýaşlar öz işlerini “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlaryny (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki forosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli ugradyp bilerler.

Bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň fewralynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, iň gowy 30 sany işler saýlanar. Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy, telefon belgileri: 39-96-09, 39-96-16, 39-96-19.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026