HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaý şokolady BAE-niñ täze tanalýan ýüzüne öwrüldi

Noýabr 30, 2024 | 12:55 |6901
Syýahatçylyk operatorlary BAE-da dynç alýan syýahatçylaryñ dubaý şokoladyna bolan barha artýan gyzyklanmasyny belleýärler. Dubaý şokolady diýip ýakyn wagtda peýda bolan Gündogar süýjüligine diýilýär. Bu bolsa pisse we künji pastasyndan, pahlawa üçin kadaif hamyryndan ybarat kibirdäp duran goýy huruşly süýtli şokolad.Syýahatçylyk operatorlary BAE-da dynç alýan syýahatçylaryñ dubaý şokoladyna bolan barha artýan gyzyklanmasyny belleýärler. Dubaý şokolady diýip ýakyn wagtda peýda bolan Gündogar süýjüligine diýilýär. Bu bolsa pisse we künji pastasyndan, pahlawa üçin kadaif hamyryndan ybarat kibirdäp duran goýy huruşly süýtli şokolad.
Çeşme: ratanews.ru

Syýahatçylyk operatorlary BAE-da dynç alýan syýahatçylaryñ dubaý şokoladyna bolan barha artýan gyzyklanmasyny belleýärler. Dubaý şokolady diýip ýakyn wagtda peýda bolan Gündogar süýjüligine diýilýär. Bu bolsa pisse we künji pastasyndan, pahlawa üçin kadaif hamyryndan ybarat kibirdäp duran goýy huruşly süýtli şokolad.

2023-nji ýylda meşhur Russiýa blogeri dubaý şokolad baradaky ýazgyny Internet torunda ýerleşdirenden soñ, bu süýjülige bolan gyzyklanma has-da artdy. Soñky birnäçe aýyñ dowamynda Dubaýa barýan syýahatçylar bu süýjüligi nireden alyp bolýandygy bilen gyzyklanýarlar. Emma hakyky dubaý şokoladyny Dubaýdan diñe onlaýn görnüşinde, belli günlerde we sagatlarda alyp bolýanekeni. Bu bolsa añsat iş däldir.

"Bu şokolad belli wagta çäklendirilen tapgyrda satylýar, bu sebäpli her bir syýahatçy munuñ bilen meşgullanmak islemez. BAE-niñ söwda merkezlerinde onuñ köpsanly meñzeş görnüşleri bar. Şeýle-de bolsa, bu Dubaýdan getiriljek ajaýyp sowgatlyk bolar, ýöne ony ykjam ýagdaýda geçirmeli - huruşy ýumşak bolan soñ, şokolad bölünip bilýär" - diýip, şokolad söýüjileri belleýärler.

"Pisse bilen şokoladyñ garylmagy hakykatdan hem, tagamlydyr. Emma bu Gündogar süýjüliklerinde täzeçilik däl. Şeýle-de bolsa dubaý şokoladyny ýaýbañlandyrmak işine Dubaýyñ mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammed Al Maktumy çekdiler, onuñ üçin brend üýtgeşik huruşly gaýtalanmajak şokolady taýýarlady. Bu täze görnüş satuwa çykarylmady. Dubaý şokolady hakykatdan hem, meşhurlyk gazanýar. Syýahatçylar uçuşdan öñ eýýäm şokolady nireden alyp bolýandygy bilen gyzyklanýarlar" - diýip, syýahatçylyk operatorlary belleýärler.

Ähli bilermenler munuñ ýaly "ajaýyplyklaryñ" döremeginiñ, şeýle-de Burj-Halifa ýa-da Dubai Miracle Garden gül bagy ýaly "ajaýyplyklaryñ" Dubaýa barmak üçin goşmaça sebäp bolýandygyny we daşary ýurt syýahatçylar akymynyñ ösmegine täsir edýändigini belleýärler diýip, ratanews.ru habar berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026