

Belgiýada Türkmenistanyň sesi: Häzirki zaman dünýäde bitaraplygyň ähmiýeti
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hyzmatdaşy - Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy we Merkezi Aziýanyň taryhy we geografiýasy boýunça ýöriteleşen daşky gurşaw meseleleri boýunça garaşsyz bilermen Derýa Soýsal “Gold FM” radiosynda çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti, onuň halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmek ugrundaky goşandy we ýurduň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek başlangyjy barada gürrüň berdi


















