Ýangyjyň tygşytlylygy, tebigatyň goraglylygy we hereketlendirijiniň çydamlylygy: AUS-32 näme üçin gerek?


Şu günki gün ekologiýa sowatlylygy we durnukly ösüş diňe bir öňe sürülýän ugur däl, eýsem zerurlyk bolup durýar. Howanyň üýtgemegine garşy göreş we tebigy serişdeleriň goraglylygy ählumumy ileri tutulýan ugurlara öwrüldi, Türkmenistan hem bu herekete öz goşandyny goşýar.
Ýurdumyz ägirt uly ekologiýa maksatlaryny öňde goýýar: 2030-njy ýyla çenli parnik gaz zyňyndylaryny 0 derejä ýetirmek, geljekde bolsa – olary ep-esli derejede azaltmak. Türkmenistanda “AUS-32” (“AdBlue” ýewropa kysymy ady bilen belli) suwuk reagentiň önümçiligi bu ugurdaky möhüm ädim boldy. Ol dizel hereketlendirijileriň ýaramaz zyňyndylaryny uly derejede azaltýar. Ýurdumyzda ilkinji gezek bu serişdäni “Bir Kuwwat” hususy kärhanasy hödürledi.
AUS-32 näme we ol ekologiýa nähili kömek edýär?
AUS-32 – suwuk reagent bolup, ol dizel awtomobilleriň çykarýan gazlaryny arassalamak üçin selektiw katalitik dikeldiş ulgamynda (SCR) ulanylýar. Ol zyňyndylarda azot oksidleriň (NOx) düzümini 90 % çenli azaltmaga ýardam berýär. Munuň özi Euro IV, Euro V we Euro VI hökmany ekologiýa standartlaryna laýyk gelýär.
Önüm ýokary arassalanan azotly maddanyň (“A” kysymly tehniki karbamidi) 32,5 % we minerallanmadyk suwuň 67,5 % ybarat suw erginidir.
Azot oksidler (NOx) saglyk üçin zyýanly:
NO (azotyň monooksidi) gemoglobin bilen birleşip, bedende kislorodyň geçişine päsgel berýär.
NO2 (azotyň dioksidi) öýkenleriň işleýşine päsgel berip, çişmeleri we astmatik prosesleri emele getirýär.
AUS-32 bu zyýanly maddalary howpsuz azota we suwa öwürmäge ýardam berip, howanyň hapalanmagyny peseltýär.
“Bir Kuwwat” we ekologiýa önümçiliginde nemes tejribesi
Dünýäniň ekologiýa standartlaryna eýerip, “Bir Kuwwat” ýerli kompaniýasy Türkmenistanda “BK Blue” söwda kysymy bilen AUS-32 reagentiň önümçiligini ýola goýdy. Taslama öňdebaryjy ýewropa hünärmenleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.
Entek 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda kompaniýanyň wekilleri ISO 22241 halkara standartlary boýunça önümçiligi sertifisirlemek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin legalizasiýa we talaplary berjaý etmek departamentiniň müdiri doktor Ralf Şeýbah bilen duşuşdylar. Ol VDA hukuk syýasatynyň meselelerine jogapkär bolup, birleşigiň içinde ýurdiki seljermäni we maslahatlary hödürleýär.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkiýäniň EndülüsKrom kompaniýasy bilen Ahal welaýatynda “BK Blue” kysymy bilen AUS-32 önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy barada şertnama gol çekildi. AUS-32 suwuk reagenti näme üçin gerek?
Ekologiýa kadalaryň berjaý edilmegi – hökmany ekologiýa standartlaryna laýyk gelmäge ýardam berýär;
Zyňyndylaryň azalmagy – NOx ýaramaz zyňyndylary azaldyp, howanyň ýagdaýyny gowulandyrýar;
Ýangyjyň tygşytlylygy – hereketlendirijiniň işini gowulandyryp, ýangyç netijeliligini ýokarlandyrýar;
Hereketlendirijiniň işleýiş möhletiniň uzaldylmagy – hereketlendirijide könelmegini we onda ýygnanmalary azaldýar.
Ozal önümiň dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanyp, çykarylýan gazlaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmaga ýardam edýändigi barada habar berdik. “Bir Kuwwat” kärhanasy ilkinji gezek bu serişdäni geçen ýylyň noýabrynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) sergisinde görkezdi. “Bir Kuwwat” hususy kärhananyň önümleri sertifisirlenen, ýokary hilli hem-de ulag tehnikasynyň we enjamlaryň dünýä öndürijileriniň ähli şu günki talaplaryna laýyk gelýär. Munuň özi importyň ýerine tutmak syýasatyna eýermäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem, “Bir Kuwwat” HK G11 we G12 kysymly antifrizi hem öndürip, ol dünýä standartlaryna laýyk gelýär hem-de sowadyjy ulgam arkaly antifriz esasynda işleýän ulag tehnikasynyň we enjamlarynyň dürli görnüşlerinde ulanyp bilinýär. Önümçilik distillirlenen suw ýaly önümleri öz içine alýar. Ol hem ulag tehnikasyndan başlap ütük we beýlekiler ýaly öý-durmuş enjamlarynyň ulanyşynda zerurdyr.
AUS-32 ulanylmagy bu diňe bir daşky gurşawy goramak işine goşant bolman, eýsem raýatlaryň saglygy baradaky aladadyr. Howanyň azotyň oksidleri (NOx) bilen hapalanmagy respirator keselleriň, ýürek-damar bozulmalaryň we adamlaryň umumy özüni duýşunyň ýaramazlaşmagynyň sebäbidir. Atmosferada olaryň konsetrasiýasynyň peselmegi keselleriň azalmagyna we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
BK Blue ýaly häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagy howpsuz we amatly şäher gurşawyny döretmekde möhüm orun tutýar. Türkmenistan tebigata ýaramaz täsirini peseltmäge we raýatlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen innowasion ekologiýa taslamalaryny ornaşdyryp, durnukly ösüş ugrunda ynamly gadamlary basýar.
Ýurdumyzyň zawodynda AUS-32 önümçiligi diňe bir import garaşlylygyny peseltmän, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalary giň ulanyş üçin elýeterli edip, ýurduň ulag pudagynyň ekologiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. “Bir Kuwwat” hususy kärhananyň önümleri sertifisirlenen, ýokary hilli hem-de ulag tehnikasynyň we enjamlaryň dünýä öndürijileriniň ähli şu günki talaplaryna laýyk gelýär. Munuň özi importyň ýerine tutmak syýasatyna eýermäge mümkinçilik berýär.
ORIENT news








