Habarlar

Aşgabatda döwlet işgärleriniň dolandyryş başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildiAşgabatda döwlet işgärleriniň dolandyryş başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi

Aşgabatda döwlet işgärleriniň dolandyryş başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi

11-13-nji mart aralygynda Aşgabatda “Erkek we zenan liderligi: täsirli hyzmatdaşlyk” atly okuwy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Halkara Söwda Merkezi (HSM) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” taslamasynyň çäklerinde guraldy

Magtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleriMagtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleri

Magtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleri

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary guraldy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi

Döwlet energetika institutynda ders bäsleşikleri badalga aldy we döredijilik duşuşygy geçirildiDöwlet energetika institutynda ders bäsleşikleri badalga aldy we döredijilik duşuşygy geçirildi

Döwlet energetika institutynda ders bäsleşikleri badalga aldy we döredijilik duşuşygy geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyplaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, talyp ýaşlaryň 517-si, jemi 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyplar gatnaşýarlar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýarGazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça taslamanyň üstünde işler alnyp barylýar. Ol çagalary Internetdaky islenilmeýän maglumatdan goramaga gönükdirilendir. Magaryf boýunça wise-ministr Ýedil Ospan SIM-kartalaryň belli saýtlara we sosial ulgamlara bolan elýeterliligi çäklendirmäne mümkinçilik berjekdigini hem belledi. Ata-eneler bolsa, çagalarynyň ykjam enjamlaryny ulanyşyna gözegçilik edip bilerler.

TEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýärTEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýär

TEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýär

Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.