Habarlar

Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýarSaud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

Saud Arabystany howa menzillerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Er-Riýad, Jidda, Dammam we Medine şäherleriniň howa menzillerinde 152 sany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalaryň girizilmegi bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Ygtybarly elektron derwezeler ýolagçylaryň garaşmagyny ep-esli derejede azaldýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutladyTürkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag ýollady

Moskwada Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan «Türkmen bilbili» atly konsert geçirilerMoskwada Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan «Türkmen bilbili» atly konsert geçiriler

Moskwada Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan «Türkmen bilbili» atly konsert geçiriler

2025-nji ýylyň baharynda, XX asyryň opera sahnasynyň solmaz ýyldyzy, öçmejek miras goýan Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli, Moskwada «Türkmen bilbili» atly konsert geçiriler. 6-njy aprelde Russiýanyň sungat akademiýasynyň (Zurab Sereteliniň sungat galereýasy) muzeý-sergi toplumy beýik meşhur aýdymçynyň hatyrasyna uly dabara üçin gapysyny açar