HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleri

Mart 13, 2025 | 15:40 |3662
9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň   sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary guraldy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň   sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary guraldy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary guraldy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1

12-nji martda Türkmen döwlet uniwersitetinde Aşgabatda saparda bolýan “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy” hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň günleri” çäresini geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, 12-nji martda dana Pyragynyň adyny göterýän döwlet uniwersitetinde 11 — 14-nji mart aralygynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň astronomiýa we geografiýa dersleri boýunça bäsleşikleri geçirildi.

2

Geçirilen ders bäsleşiginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary, mekdep okuwçylary ýurtda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň ähmiýeti barada gyzykly çykyşlary etdiler.

Şonuň ýaly-da, bu çäre Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýaly aýdymlar bilen utgaşyp, gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026