HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TEKNOFEST 2025 halkara festiwaly haýyşnamalary kabul edýär

Mart 12, 2025 | 14:27 |3399
Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.
Çeşme: ehm.yildiz.edu.tr

Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.

2025-nji ýylyň festiwaly awiasiýa we kosmos tehnologiýasy babatda öňdebaryjy korporasiýalaryň goldaw bermegi bilen Turkey Technology Team gaznasy, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi we Türkiýe Respublikasynyň pudaklaýyn ministrligi tarapyndan guralýar. Bu gezek ol tehnologiýa muşdaklaryny Stambul şäherinde birleşdirer.

TEKNOFEST festiwaly ýaş zehinleri her ýyl täzelenýän bäsleşik görnüşleri bilen ruhlandyrýar. Ol Türkiýe Respublikasynda baýraklara mynasyp bolan iri tehnologiýa bäsleşiklerini kabul edýär. Şu ýylky ýaryşlar 53 sany esasy ugur we 125 goşmaça ugurlar boýunça geçiriler.

TEKNOFEST-iň baş maksady – öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalaryň möhüm gazananlaryny görkezmek, pudagy ösdürmek hem-de geljegiň tehnologiýalaryny döredýän ýaşlary goldamakdyr.

Festiwalyň geçiriljek döwründe ýaryşlar “Raketalaryň bäsleşigi”, “Hemra modellleriň bäsleşigi”, “Uçarmansyz uçýan enjamlaryň bäsleşigi”, “Howa hüjüminden goranyş ulagamlarynyň bäsleşigi”, “Awiasiýada emeli aň bäsleşigi”, “Serhetsiz durmuş tehnologiýalaryň bäsleşigi”, “Blokçeýn bäsleşigi” ýaly 53 ugur boýunça geçirilip, olar ýaşlara özüniň innowasiýa taslamalaryny amala aşyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berer.

TEKNOFEST-yň suwasty raketalar bäsleşigi, uçarmansyz ýerüsti ulag serişdeleriniň bäsleşigi, halkara çagalaryň ylmy bäsleşigi, onkologiýada 3T bäsleşigi, 5G ýerleşdirme hem-de binagärlik we wizual dizaýn bäsleşikleri innowasiýalar bilen gyzyklanýan hemmeler üçin täze gözýetimleri açmaga şert döreder.

Stambulda ştab-kwartirasy bolan Mermer deňziniň dürli künjeklerinde geçiriljek ýaryşlar gatnaşyjylara tehnologiýadan doly ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berer!

Gatnaşmagyň şertleri we giňişleýin maglumatlar www.teknofest.org saýtynda elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026