HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskde Türkmenistanyň gatnaşmagynda halkara kitap sergisi açyldy

Mart 14, 2025 | 04:15 |3917
12-nji martda Belarusuň paýtagtynda XXXII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa işjeň gatnaşanlaryň biri Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasydyr12-nji martda Belarusuň paýtagtynda XXXII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa işjeň gatnaşanlaryň biri Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasydyr
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

12-nji martda Belarusuň paýtagtynda XXXII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa işjeň gatnaşanlaryň biri Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasydyr. 16-njy marta çenli Minsk şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary GDA-nyň we ÝAYB-niň döwletleri bilen birlikde 20 ýurdyň ekspozisiýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem Belarusda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar öz milli pawilýonlaryny hödürleýärler.

14032025-v-minske-mezhdunarodnaya-knizhnaya-vystavka-s-uchastiem-turkmenistana (2).jpg

Türkmenistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda – göwheri” atly kitaplaryň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan baý mazmunly maksatnamasyny taýýarlady. Şeýle hem sergide bezeg we amaly-haşam sungatyň baý mirasyny görkezýän türkmen milli lybaslarynyň ekspozisiýasy hödürlendi.

14032025-v-minske-mezhdunarodnaya-knizhnaya-vystavka-s-uchastiem-turkmenistana (3).jpg

Türkmen stendiniň edebi böleginde döwlet Baştutanynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, şeýle hem köp sanly dillere terjime edilen türkmen medeniýetiniň çuňlugyny we onuň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahsyýetleriniň eserleri bar.

Türkmenistan pawilýonynyň myhmanlary kitap neşirleri arkaly ýurt baradaky köp maglumatlary öwrenip, onuň özboluşly medeni öwüşginini duýmaga we halkyň ruhy dünýäsine has gowy düşünmäge mümkinçilik alarlar.

14032025-v-minske-mezhdunarodnaya-knizhnaya-vystavka-s-uchastiem-turkmenistana (4).jpg

Sergä gatnaşyjylar we myhmanlar şeýle medeni hyzmatdaşlygyň dowam etmegine we halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine umyt bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026