HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara matematika olimpiadasynda üstünlik görkezen talyplar sylaglandy

Mart 13, 2025 | 12:30 |2943
12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2-10-njy mart aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary sylaglamak dabarasy boldy12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2-10-njy mart aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary sylaglamak dabarasy boldy
Çeşme: education.gov.tm

12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2-10-njy mart aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary sylaglamak dabarasy boldy. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda bu halkara olimpiadasyna talyplary taýýarlan mugallymlara we baýrakly orunlary eýelän zehinli talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Geçirilen bu Halkara olimpiada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Olimpiadada başgada Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ÝOM-nden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyplar çykyş etdiler. Türkmen talyplary matematika ýaryşynda özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 altyn, 10 kümüş, 13 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödaýewa olimpiadanyň Baş Baýragyna mynasyp boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026