HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Medeni-ynsanperwer ugurdaky türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 12, 2025 | 20:00 |4106
12-nji martda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan bilen duşuşdy12-nji martda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan bilen duşuşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edilýär

12-nji martda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň özara okuwlara we maslahatlara, şeýle hem talyplaryň we mekdep okuwçylaryň geçirilýän olimpiadalara yzygiderli gatnaşýandyklarynyň üstünde durup geçdiler.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygary astynda geçýändigini we muňa bagyşlap dünýäniň köp ýurtlarynda dürli çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda hem Türkmenistanda, hem Ermenistan Respublikasynda bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir wagtda, Ilçi Türkmenistanda ýaşlara uly üns berilýändigini gürrüň berdi. Ol milli ýaşlar syýasatynyň kämilleşdirilip, ýylsaýyn ýaşlaryň ýurduň dürli işlerine çekilýändigi belledi. M.Aýazow şeýle hem, ýaşlaryň häzirki wagtda ýurduň durnukly we ygtybarly ösüşine, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine we halkyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna bagyşlanan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň goşantlaryny goşýandygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026