

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 345 million ýewrodan gowrak boldy. Şeýle görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarydyr. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň statistika müdirligine salgylanyp Trend habar berýär.



















