HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylar

Awgust 05, 2023 | 17:05 |11377
Tehas uniwersitetiniň alymlarynyň tejribesine uly energetika kompaniýasynyň işgärleri gatnaşdylar. Iki ýylyň dowamynda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda synçylar 789 işçä syn etdiler, ýagny kompýuteriň ulanylyş görkezijilerini: ýazmagyň tizligi, ýazuwda ýalňyşlyk we syçanjygyň işjeňligini seljerdiler. Synlar, ofis işgärleriniň haýsy wagtda has işjeň däldigini we ýalňyşlyklara has ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik berdi diýip, Plos ONE ýazýar.Tehas uniwersitetiniň alymlarynyň tejribesine uly energetika kompaniýasynyň işgärleri gatnaşdylar. Iki ýylyň dowamynda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda synçylar 789 işçä syn etdiler, ýagny kompýuteriň ulanylyş görkezijilerini: ýazmagyň tizligi, ýazuwda ýalňyşlyk we syçanjygyň işjeňligini seljerdiler. Synlar, ofis işgärleriniň haýsy wagtda has işjeň däldigini we ýalňyşlyklara has ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik berdi diýip, Plos ONE ýazýar.
Çeşme: Pixabay

Tehas uniwersitetiniň alymlarynyň tejribesine uly energetika kompaniýasynyň işgärleri gatnaşdylar. Iki ýylyň dowamynda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda synçylar 789 işçä syn etdiler, ýagny kompýuteriň ulanylyş görkezijilerini: ýazmagyň tizligi, ýazuwda ýalňyşlyk we syçanjygyň işjeňligini seljerdiler. Synlar, ofis işgärleriniň haýsy wagtda has işjeň däldigini we ýalňyşlyklara has ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik berdi diýip, Plos ONE ýazýar.

Topar öndürijilige baha bermek üçin hepdäniň dürli günlerinde we günüň dürli wagtlarynda kompýuteriň ulanylyş usullaryny deňeşdirdi. Işgärleriň günüň ikinji ýarymynda we anna günleri az öndürijilikli bolandygy, iş üçin iň amatsyz wagtyň bolsa anna gününiň ahyrydygy kesgitlendi.

«Adamlar has köp söz ýazýardylar, syçanjygy has köp ulanýardylar we her gün duşenbe gününden penşenbe günleri sahypalary görýärdiler. Soňra anna güni bu işjeňlik azaldy», – diýip ylmy taslamanyň awtorlary beýan etdiler.

Alymlaryň pikrine görä, ofisdäki we «uzakdaky» işleri birleşdirýän çeýe meýilnamanyň ýa-da gibrid ulgamyň girizilmegi zähmet öndürijiligini ýokarlandyryp biler. Şeýle çäreler ofis işgärleriniň beden we akyl saglygyna hem peýdaly täsir edýär diýip, habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026