HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň wise-çempiony boldy

Awgust 05, 2023 | 18:38 |7139
Türkmen agyr atletikaçysy Ali Babamyradow 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen milli ýygyndysy üçin ýene bir kümüş medal gazandy.Türkmen agyr atletikaçysy Ali Babamyradow 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen milli ýygyndysy üçin ýene bir kümüş medal gazandy.
Çeşme: belta.by

Türkmen agyr atletikaçysy Ali Babamyradow 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen milli ýygyndysy üçin ýene bir kümüş medal gazandy.

Türkmen ştangaçysy Ali Babamyradow 55 kilograma çenli agram derejesinde 215 kg (95 + 120) iki görnüşli sportyň jemi boýunça netije görkezip, kümüş medal bilen sylaglandy. Özbegistanly agyr atletikaçy Ogabek Nafasow - 240 kg (110 + 130) altyn medalyň eýesi boldy. Ilkinji üçlügi Belarusdan Grigoriý Wertinskiý - 194 kg (88 + 106) ýapdy.

IMG_20230805_194435.jpg

Ondan öň agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň taryhynda GDA ýurtlarynyň oýunlarynda medal gazanan ilkinji wekil boldy. Ol 49 kilograma çenli agram derejesinde kümüşiň eýesi boldy.

Şu gün, 5-nji awgustda, GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy Minsk-Arenada geçiriler. Oýunlaryň esasy aýratynlyklaryndan biri, başlangyçlaryň Belarusiýanyň hemme ýerinde geçirilmegi.

Bäsleşikler açyk bolup, Belarusa diňe GDA ýurtlarynyň türgenleri däl, eýsem Wenesuela, Wýetnam, Müsür, Eýran, Kuba, Liwan, Malaýziýa, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Pakistan we beýleki ýurtlardan hem myhmanlar geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026