HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ankara bardy

Oktýabr 25, 2023 | 20:44 |8605
Ankara uçuşy amala aşyran Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy.Ankara uçuşy amala aşyran Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy.
Çeşme: cnnturk.com

Ankara uçuşy amala aşyran Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýola çykyp, Türkiýä resmi sapar bilen gitdi.

TDH-nyň habaryna görä, Prezident uçary Ankara çenli uçuşy tamamlap, Türkiýe Respublikasynyň paýtagtyndaky iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Esenboga” Halkara howa menziline gondy.

Saparynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşar, döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem, häzirki halkara ýagdaýlary barada pikir alyşarlar.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Iki ýurt hem giň gerimli hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesini topladylar.

2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara topary döredildi.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň çalt ösýän döwründe, 2021-nji ýylda 2 milliard dollardan geçen söwda mukdaryny gysga möhletde 5 milliard dollara we uzak möhletde 10 milliard dollara ýetirmek maksat edilýär.

2022-nji ýylda Türkmenistanda Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti geçirildi, şol döwürde energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we tebigy gaz üpjünçiliginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026